- agza
- [agza:]1) Bir guramanyň, toparyň düzümine girýän adam.2) Grammatik termin Sözlemde belli soraga jogap bolup, özara baglanyşyp gelýän sözler (eýe, habar, aýyklaýjylar).∙ Sözlem agzalary iki topara bölünýärler.3) Anatomiýa Beden organlary, syna.∙ Onuň on iki agzasynyň bary birden gowşady. Onuň bir gysym torpagyny men öz göwrämiň bir agzasyna deňeýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ baş agza — Grammatik termin Sözlemde eýe we habar.◊ deňdeş agza — Grammatik termin Sözlemde deň sintaktik ähmiýete eýe bolan agzalar.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.